Bilezik görnüşli smartfon taýýarlanyldy
«Motorola» kompaniýasy Lenovo Tech World 23 halkara sergisinde täsin gurluşa eýe bolan täze smartfony bilen tanyşdyrdy.
Bilezik görnüşli bu el telefonyny goşaryňa dakynyp, ulanyp bolýar. 6,9 dýuýmlyk ýuka ekranly smartfon doly Android ulgamy boýunça işleýär. Haçan-da smartfon sagadyň deregine ulanylanynda onuň ekranynda el telefonyna degişli beýleki mümkinçilikler hem peýda bolýar. Şonuň ýaly-da kompaniýa smartfonda «akylly sagada» degişli zerur ulgamlary oturdypdyr.
Ol sagat hökmünde goşara dakylanda we eplenende, onuň daşky gurluşynda hiç hili päsgelçilik döremeýär.