BIZE YAZYARLAR

Biler bolsaňyz…

Biziň köpümiz bejergide ulanýan dermanlarymyzy süýt bilen kabul edip, onuň bejeriş täsirini azaltýandygymyz hakynda birjik-de pikir eden däldiris. Bu ugurda barlag geçiren alymlar derman kabul edilende seresaplylygy elden bermeli däldigini nygtaýar. Olaryň ýazan ylmy makalalarynda greýfrutdan (günortada bitýän sitris agajy) ýasalan şire suwunyň peýdasynyň örän ýokarydygy aýdylýar. Onuň düzümindäki S witamini bedenimizdäki artykmaç ýaglary aýyrmakda, damarlarymyzy holesterinden arassalamakda peýdasynyň uludygy hem ýüze çykarylypdyr. Muňa garamazdan, bu şire suwunyň düzüminde bagryň işini haýallaşdyrýan maddanyň agdyklyk edýändigini hem
ýatdan çykarmaly däldigini nygtap geçýär. Şol sebäpli-de bu şire suwy bilen ýürekagyrydyr allergiýa kesellerine garşy kabul edilen dermanlaryň ters täsir etmek howpy birnäçe esse ýokarlanýar. Düzüminde asetilsalisil turşusy bolan aspirindir sitromon ýaly dermanlary miwe şireleri bilen kabul edip, yzyndan apelsindir mandarin iýmekden saklanmalydyr. Bu ýagdaýda ir-imişiň turşulygy dermanyň düzümine täsir edip, olaryň güýjüni gaçyrýar. Miwe şireleri bilen kabul edip bolýan ýeke-täk derman mäz bejergilerinde ulanylýan dermanlardyr. Ýokarda belläp geçilişi ýaly dermanlary süýt bilen içmek maslahat berilmeýär. Süýt, esasanam, tetraksiklin antibiotikleriň hataryna girýän dermanlaryň täsirini puja çykarýar. Bu ýagdaýda derman bedenimize
siňmezden aşgazanymyzyň üsti bilen hiç bir peýdasyz göni geçýär. Derman atylandan soň iýlen ýagly et olaryň güýjüni haýalladýar. Gowy demini alan gök çaýy hem derman atylandan soň içmek maslahat berilmeýär. Çaýyň düzümindäki tanin maddasy dermanlar bilen eremeýän garyndylary emele getirip, bedenimizde çökündi bolup galýar. Aslynda, islendik bejergide dermanlary ýönekeý suw bilen içmek maslahat berilýär. Şeýle edilen ýagdaýynda dermanlaryň täsir ediji güýji öňki-öňküligine galýar.

Rahym ÝALKAPOW,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.