Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde surata düşüren «Magtymguly Pyragy» çeper filmi halkara kinofestiwallaryndaky ýeňişli ýollaryny dowam etidrýär. Beýik Britaniýanyň London, Tatarystanyň Kazan şäherlerinde gazanylan üstünlikleriniň üsti Bolgariýada gazanylan ajaýyp ýeňiş bilen ýetirildi.
Özbegistanyň Kinematografiýa guramasy we Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan durmuşa geçirilen bu uly taslama halklar arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrmaga dowam etdirýär.
Meşhur özbek kinematografiýaçysy Muzaffarhon Erkinow “Magtymguly Pyragy” çeper filmi bilen Bolgariýanyň Telewideniýe, kino we internet-aragatnaşyk akademiýasy (АТКИК) tarapyndan guralan XIII Halkara kinofestiwalyna gatnaşdy.
Halkara eminler toparynyň karary boýunça festiwalyň baş baýragy — «GRAN-PRI» — belli režissýor Muzaffarhon Erkinow tarapyndan surata düşürilen «Magtymguly Pyragy» atly çeper filme berildi.
Bu baýrak, türkmen-özbek kinematografiýasynyň ýokary ussatlygynyň halkara sahnasynda ýene-de bir aýdyň ykrar edilendiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Bilelikdäki türkmen-özbek filmi ýene bir halkara festiwalda baş baýraga mynasyp boldy
18
Sep
