Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň
bilelikde surata düşüren “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň uly premýerasy
boldy. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli iki goňşy ýurduň, ýagny Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň
kinematograflarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldary
Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan uly göwrümli çeper
film surata düşürildi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Karary esasynda Özbegistan
Respublikasynda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
giňden bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň
kinematograflarynyň gatnaşmagynda döredilen “Magtymguly Pyragy” atly
çeper film Özbegistanyň milli kino sungaty köşgünde kino tomaşaçylara
görkezildi.
Bilelikdäki türkmen-özbek filmi ilkinji gezek görkezildi

23
Dec