Bezosdan ägirt uly sahawat

Nov 21, 2020

«Amazon» kompaniýasyny esaslandyryjy, häzir wagtda Ýer ýüzüniň iň baý adamy Jeff Bezos ekologiýany gorap saklamak üçin 791 million dollar serişdäni haýyr-sahawata bagyşlady.
Bu serişde ekologlara Bezos tarapyndan esaslandyrylan Ýer gaznasy arkaly ýetirildi. Onuň aýtmagyna görä, alymlar bu serişdäniň Ýerimiziň geljegini goramak üçin ulanyp bilerler.
Bu haýyr-sahawat gaznasy ekologiýa babatynda iş alyp barýan iri institutlaryň bäşisine paýlanyp berler.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: