YLYM WE TEHNIKA

Beýnide habary beýleki neýronlardan çalt özleşdirýän öýjügi tapdylar

Biologlar adamyň we saýrak guşlaryň beýnisinde habary  beýleki neýronlardan onlarça esse çalt özleşdirýän öýjükleri tapdylar. Olar guşlara täze sazlary öwrenmäge, adamlara bolsa zähmet gurallaryndan peýdalanmaga kömek edýärler, diýip «Nature Communications» žurnaly ýazýar. Bu barada «ТАСС» habar berýär.

Oregonyň saglyk we ylym uniwersitetiniň professory Klaudio Mello we onuň kärdeşleri bu açyşy beder şekilli amadinlere — wýurk tkaçik maşgalasyndan bolan uly bolmadyk saýrak guşlara sazlary ýatlamaga haýsy mehanizmiň kömek edýändigini öwrenmäge synanyşan wagtlary etdiler. Alymlar şeýle synaglaryň adamlaryň biri-biri bilen gepleşmek ukybynyň nädip dörändigini öwrenmek üçin gerek diýip hasaplaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: