BIZE YAZYARLAR

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI KÖŇÜLLERIŇ SENASY

Üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurtlaryň ösüşi beýlekilerden diýseň tapawutlanýar. Taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ýollary, dünýäniň çar tarapyndan ene Zeminiň ýüregi bolan Türkmenistanyň goýnuna gelýär. Mukaddes topragymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk ýollary täze taryhy döwrümizde has-da berkeýär.

Halkara gatnaşyklaryň başlangyjy, oňa işjeň gatnaşmak ýüreklere ýol çekmekden, dünýä barýan ýollary kämilleşdirmekden, diýmek, dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary ýokary derejelere çykarmakdan başlanýar. Ýollar doganlyk-dostluk goňşuçylygyny, dostlugy, hyzmatdaşlygy ýakynlaşdyrýar. Bar harydyňy beýlekilere ýetirmäge, zerur halatynda dünýä ýurtlaryndan harytlary getirmäge mümkinçilik berýär. Has takygy söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döredýär.

Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň gözbaşynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýar. Gahryman Arkadagymyz ulag ulgamynyň hem berk binýadyny kemala getirdi. Milli Liderimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ozal hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzak möhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we ol üstünlikli durmuşa geçirildi, bu maksatnamalar halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä götermäge ýardam berdi. Bu Türkmenistanyň ulag ulgamynyň halkara gatnaşyk duzümlerine işjeň goşulyşmagyna, iri logistika merkezleriniň döredilmegine, sebit intermodal ýükleri daşamagyň utgaşdyrylmagyny üpjün etmäge hyzmat etdi.

Ulag ulgamyny ösdürmegiň ilkinji wajyp meseleleriniň biri onuň düzüm we institusional esaslaryny özgertmek bolup durýar. Häzirki döwürde ulagyň täze hakykatlara, durmuş-ykdysady şertlere jogap berýän hukuk binýadynyň esaslary döredildi. Bazar ykdysady şertlerinde işläp, hyzmat edip biljek ulag işini döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň ulgamy kemala getirildi. Ulagyň ulgam emele getiriji orny has-da ýokarlandy we ony ösdürmek bilen bagly wezipeleriň durmuş-ykdysady özgertmeler bilen özara baglanyşygy pugtalandy. Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi,Türkmenistanyň Howa kodeksi we beýleki degişli hukuknamalary kabul edildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda iň öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça bina edilýän demir ýol we awtoulag köprüleri ulanmaga berilýär. Olar Demirgazyk–Günorta, Gündogar–Günbatar ugry boýunça ýurdumyzyň çäginden geçýän sebit we sebitara ulag ugurlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Türkmenistanda ulag ýollarynyň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, täze köprüleriň, ähli zerur düzümi bolan ýokary tizlikli awtobanlaryň gurulmagyna diýseň uly üns berilýär. Şunda transmilli awtomobil ýollarynyň gurluşygynda halkara ülňüleriniň berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar. Netijede, häzirki döwürde ýurdumyzyň awtomobil, demir, howa we deňiz ýollaryna degişli düzümler milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmak halkara derejesindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin zerur bolan durmuş ykdysady şertleriň döredilmegini üpjün edýär.

2017-nji ýylda paýtagtymyzda RECCA VII forumynyň çäklerinde Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi sebitiň ykdysady ýakynlaşmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taryhy waka öwrüldi. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň TRAÇEÇA Ylalaşygyna goşulmagy Ýewropa, Kawkaz, Gara deňiz we Hazar deňzi sebitlerinde, Aziýa yklymynda ykdysady hyzmatdaşlygy, söwda, ulag ugurly gatnaşyklary ösdürmekde, harytlaryň halkara gatnawyny işjeňleşdirmekde we ýeňilleşdirmekde, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulag syýasatyny sazlaşdyrmakda, ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmekde möhüm orny eýelär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň köpugurly ulgamyny dikeltmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli ädimlerdir. Gazagystan–Türkmenistan–Eýran halkara demir ýol geçelgesi, Kerki–Ymamnazar–Akina ugrunyň ajaýyp taslamalarynyň amala aşyrylmagy, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň täze Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi, şeýle hem Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy ulaglar ulgamyndaky halkara başlangyçlaryň belent üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag ulgamy boýunça birnäçe halkara resminamalar kabul edildi. Ýagny, 2014-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýany kabul etdi. Kararnamanyň esasy aýratynlygy bu taryhy resminamanyň logistika merkezleri we guryýer portlary arkaly awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollarynyň utgaşýan ulag ulgamlarynyň binýadyny goýýandygyndan ybaratdyr. Bu Türkmenistanyň başlangyjydy. Bu, elbetde, ata Watanymyzyň ýyl ýazgysyna ulag düzümlerini düýpli we toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen ýyly hökmünde girdi.

2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda ikinji gezek «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» 85 döwletiň awtordaşlygynda Kararnama kabul edildi.Taryhy Kararnamalaryň kabul edilmegi netijesinde, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmeginde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýär.

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda nobatdaky gezek «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly üçünji gezek 74 döwletiň awtordaşlygynda Kararnama kabul edildi. 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezalusiýa kabul edildi we 48 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. Şeýlelikde, kabul edilen Kararnamalar hyzmatdaşlygyň ýoluny kesgitledi we bu ugurdaky möhüm resminama bolup çykyş edýär.

Täze taryhy döwrümizde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ulag-aragatnaşyk ulgamynda esasy maýa goýum awtomobil, howa, demir ýol, derýa we deňiz gatnawlaryny ösdürmäge, awtomobil ýollaryny gurmaga, telekommunikasiýa, poçta-elektroaragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişinden we üstaşyr ulag amatlyklaryndan has netijeli peýdalanyp, ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmaga, täze üstaşyr geçelgeleri döretmäge gönükdirildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys».

Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, BMG-niň jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutulýan ugurlary belläp, öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk beýan edýär hem-de durmuşa geçirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlara geçen umumy sapagyndaky çuň manyly çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýasynyň mazmuny öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Muňa Milli Liderimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyz geçmişde halklary we yklymlary birleşdiren bu şöhratly ýoly gaýtadan dikeltmek babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de olary nusgalyk derejede, işjeň durmuşa geçirýär. Magtymguly Pyragynyň «Owazyň Çyn-Maçyn daglar aşasy» diýip arzuwlan pursady hakykata öwrülip, täze taryhy döwrümizde türkmeniň ýollary alyslara ýaýylýar. Türkmen paýhasynyň belent nusgalarynyň biri bolan Magtymguly atamyzyň heňňamlar geçsede unudylmajak pikir-garaýyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetiniň bagtly durmuşyna öz sesini goşup bagtyýarlyk mukamy bolup ýaňlanýar.

Datowa Maral

“Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: