BIZE YAZYARLAR

Beýik ynama mynasyp ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Ata Watanymyzyň daýanjy, röwşen geljegimizi gurujylar hökmünde ýaşlaryň
döwrebap şertlerde bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmekleri barada hem yzygiderli tagallalar edilýär.
Täze taryhy eýýam Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolunda ynamly öňe ilerleýän zamanasy boldy. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň ösmegi, ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegi, durmuşyň ähli ulgamlarynda ylmy-tehniki innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginde hem ýaşlara uly orun degişlidir.
Ýaşlar syýasatynyň kesgitlenen esasy ugurlary, maksatlary hem-de wezipeleri ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglanyşyklydyr. Ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary, ilkinji nobatda, ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagy, ýaş maşgalalaryň goldanylmagy ýaly meseleleri öz içine alýar.
Jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda halkymyzyň däp-dessurlaryny aýamak we dikeltmek, ruhy baýlygymyzy artdyrmak meselesine üns berilýär. Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalary, guwanjy we buýsanjy döretmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenilýär. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesli
terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, tebigata, daşky gurşawa aýawlylyk, jogapkärçilik ýaşlarda irki döwürlerden kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan päk terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň hem-de doly derejede, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Ýaşlaryň syýasy, ykdysady we medeni gözýetimlerini
giňeltmegiň, olary ylma-bilime höweslendirmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň we doly derejeli, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzda ýaş nesilleriň abadançylygynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Häzirki zaman multimedia enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler, sagaldyş we dynç alyş merkezleri ösüp gelýän ýaş nesilleriň
ygtyýaryndadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar we ýaşlyk hakda ündän paýhasly jümleleri maksatlarymyza joşgun, yhlasymyza ylham berýär, ykbalymyza serpaý bolup dolýar. Beýik geljegiň hatyrasyna zerur bolan ähli mümkinçilikleriň, şertleriň döredilmegi asylly maksatlarymyzyň has-da ilerlemegini üpjün edýär. Hut şonuň üçinem eziz Watanymyz, berkarar döwletimiz, bagtyýar halkymyz, Milli Liderimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hakda ýaňlanýan ýürek sözlerimiz buýsançdyr joşgundan doludyr.
Watanymyzyň mukaddeslikleri, halkymyzyň mertebesi hakda söz açylanda, adaty sözlemler ajaýyp jümlelere öwrülýär.
Durmuş hakdaky düşünjelerimiziň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarymyzyň giňelmegi, zehinlerimiziň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegimiz Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — ýaşlara bildirýän beýik ynamyndan gözbaş alýar. Biz her bir ädimde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerinden nusga-görelde alýarys. Biz — talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, kämilleşmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Oguljeren GURBANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
pedagogika fakultetiniň mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 4-nji ýyl
talyby.