Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her ýyl ýurdumyzda Watan gerçeklerini hatyralap 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni-9-njy maý baýramy uludan bellenilýär.
Gahrymanlary ýatlamak däbi hemişe-de türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir. Şoňa görä-de, biz Ýeňiş günini nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene hökmünde döwlet derejesinde giňden belläp geçýäris.
Bu gün Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýinde Watan gerçekleriniň edermenligini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň wekilleriniň, talyp ýaşlarynyň hem-de harby gullukdaky Watan goragçylarynyň gatnaşmagynda dabara geçirildi.
Dabara gatnaşyjylaryň muzeýde Beýik Watançylyk uruşynda merdana pederlerimiziň görkezen gahrymançylygyna bagyşlanan maglumatlar, fotosuratlar we uruş döwrüne degişli ýerleşdirilen eksponatlar, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň ýeňşe goşan saldamly goşandyny şöhlelendirýän bölümler bilen tanyş boldular.
Muzeý işgärleriniň degişli bölümler boýunça beren gyzykly gürrüňleri dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Elbetde, asuda we parahat durmuşy saklap galmaga öz janyny gurban eden gerçekleri hatyralamak, olaryň edermenligini, gahrymançylygyny elmydama sarpalap gezmek her bir watançynyň borjudyr.
Watançylyk ruhuny galkyndyrýan bölümçeler esgerleriň Watanymyza, il-halkymyza bolan söýgüsini artdyrmaga, gahrymançylyk, edermenlik duýgylaryny döretmege itergi berdi.
Şeker BATYROWA,
Türkmenabat şäher Beýik
Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.