Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her ýyl ýurdumyzda Watan gerçeklerini hatyralap Beýik Ýeňşiň baýramçylygy uludan baýram edilip bellenilýär. Ynha bu ýyl bolsa ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylymyzda mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunuň belleniljek ýylynda Beýik Ýeňşiň gazanylandygyna 80 ýyl dolýar.
Hut şu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giň gerimli dabaraly çäreler geçirilýär. Bu gün Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýinde dabara gurnaldy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň welaýat komiteti, etrap, şäher komitetleriniň işjeň agzalary, Lebap welaýat kazyýeti, Lebap welaýat gümrükhanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar muzeýde Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň frontda we tylda görkezen edermenligini, merdanalygyny, halkymyzyň belent ruha, watançylyk duýgusyna ýugrulan gahrymançylygyny beýan edýän gymmatly we köptaraplaýyn muzeý gymmatlyklary jemleýän sergä tomaşa etdiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym Berdimuhammet Annaýew nusgalyk durmuşy barada çykyşlar dabara gatnaşanlarda örän uly täsir galdyrdy. Muzeý ildeşlerimiz tarapyndan sowgat berlen dürli görnüşli gymmat baha şay-sepler türkmen halkynyň Beýik Ýeňişiň gazanylmagyna uly goşant goşandygyna şaýatlyk edýär.






