Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Gahryman gerçekleriň keşbi ýaş nesilleriň kalbynda» atly dabara
Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramaklarynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dabaraly maslahat geçirildi we giň göwrümli sergi guraldy. Oňa ýaşuly nesliň we jemgyýeçilik guramalarynyň wekilleri, çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Goý, Watan ogullarynyň gahrymançylygy nesillerden-nesillere geçip, ebedilik ýaşasyn, çünki olaryň Watan ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylyklary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýaş nesilleri üçin Watanyňy, eziz halkyňy söýmegiň, onuň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp edilen çykyşlarda Watan ugrundaky söweşlerde türkmen esgerleriniň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ilhalar ynsan, gaýduwsyz esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň görkezen merdanalygy nesillere nusgalykdyr diýlip bellenildi. Maslahatyň dowamynda Watan mukaddesligi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň tutýan orny barada edilen çuňňur mazmunly çykyşlar bu ýere ýygnanan ildeşlerimiziň kalbynda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Dabaraly maslahatdan soňra, Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Gahryman gerçekleriň keşbi ýaş nesilleriň kalbynda» atly surat bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşige hödürlenen surat eserleriniň her birinde türkmen gerçekleriniň ýowuz jeňde görkezen gahrymançylygy, ildeşlerimiziň tylda çeken merdana zähmeti, taryhy ýeňşiň gazanylmagyna türkmen gelin-gyzlarynyň goşan goşandy çagalaryň tämiz kalby bilen beýan edilipdir. Suratlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetiniň, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň BMG tarapyndan ilkinji gezek ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň mazmunyny açyp görkezýän pursatlaryň beýan edilmegi ýaş nesilleriň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda we halkara derejesinde alnyp barylýan beýik işlere ýaş zehinleriň sarpasynyň beýanyna öwrülmegidir.