BIZE YAZYARLAR

Beýik Ýeňiş güni

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň ýagny, Beýik Ýeňiş gününiň şanyna birnäçe medeni-jemgyýetçilik çäreleri, aýdym-sazly dabaralar giňden geçirilýär. Bu bolsa ata-babalarymyzyň merdanalygyna, gaýduwsyzlygyna, edermenligine goýulýan beýik mertebeden nyşandyr. Ýeňiş baýramy her birimiz üçin şatlykly, buýsançly wakadyr. Her ýylyň maý aýynyň 9-na uruş weteranlaryna şeýle-de uruşda wepat bolanlaryň ýan ýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Beýik Ýeňiş güni uly dabaralara, şatlyk şowhuna beslenip, baýramçylygyň owazy belent buýsanç bilen ýaňlanýar. Beýik Ýeňiş güni adamzadyň asuda durmuşy, parahatçylygy söýüjiligi, dost-doganlyk baradaky garaýyşlaryny rowaçlandyrýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda mertlerçe wepat bolanlaryň hatyrasyna Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýädygärlik toplumyndaky “Ruhy tagzym”, “Baky şöhrat” we “Milletiň ogullary” ýadygärliklerine owadan gül desselerini goýýarlar.
1941-1945-nji ýyllar bütin dünýäniň taryhynda iň pajygaly ýyllary bolup, bu gazaply uruşda millionlarça adamlar pida boldular. Parahat ýurdumyzda uruş weteranlaryna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Watana şirin janlary bilen hyzmat eden gahrymanlarymyz ösüp gelýän ýaş nesillere edep terbiýe bermekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde beýik görelde mekdebi bolup durýar.
Türkmen halkyna asuda, parahat geljegi peşgeş beren, Watan gahrymanlarynyň hatyrasyny belentden sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!

Arzuw MURADOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: