Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher we Çärjew etrap komitetleriniň bilelikde guramaklarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabara geçirildi.
Bu çärä ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby bölümleriň gullukçylary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada Watan mukaddesligi, ene topragy goramagyň, ony gözümiziň göreji ýaly ezizläp saklamagyň nesilleriň mukaddes borjudygy barada edilen çykyşlar uly gyzyklanma bilen diňlenildi.
Dabara gatnaşyjylaryň bu ýerde Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gerçek ýigitlerimiziň görkezen gaýduwsyzlygyny, ildeşlerimiziň tylda çeken gahrymançylykly zähmetini teswirleýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmaklary ýaş nesilleriň merdana pederlerimiziň şöhratly ýoluna bolan buýsançlaryny artdyrdy.
Beýik Watançylyk urşy muzeýinde çäre geçirildi

17
Jan