Beýik ussada belent sarpa
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyzyň her bir güni şadyýanlyga we ruhubelentlige beslenýär. Şanly ýylyň şygary kalbymyza joşgun, ýüregimize ylham berýär.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şahsyýet kämilliginiň gözbaşydyr. Onuň paýhasy, giň dünýägaraýşy maşgala bagtyýarlygynyň, jemgyýetiň agzybirliginiň, döwlet berkararlygynyň çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmunyndan görnüşi ýaly, halkymyz, Watanymyz, döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy biziň üçin ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr.
Uly we ähmiýetli çärelere baý 2024-nji ýylyň aladalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrlaryndan doly bat aldy. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl tutuş türki dünýäde «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Bu möhüm karar Türkmenistanda kabul edilen ýyllara at bermek däbiniň bütin dünýäde hem ykrar edilmegini, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly dabaralaryň halkara derejä çykjakdygyny görkezýär.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna dahylly dabaralar bilen utgaşýan halkara medeni çäreleriň sanynyň artyp, geriminiň has-da giňejekdigini aňladýar.
Biz — bagtdan paýly ýaşlar berkarar Watanymyzda özümiz hakdaky aladalara buýsanýarys. Ýaşlara bolan beýik ynam bizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.
Nargiza HUDAÝBERGENOWA,
Darganata etrap merkezi kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy.