BIZE YAZYARLAR

Beýik söz ussady – halkymyzyň kalbynda müdimi

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýar. Çünki ol her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň belent nusgasyny dörediji hökmünde müdimi ýaşaýar. Dana şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda orun aldy. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligini edebiýatçylar, dilçi alymlar ylmy esasda öwrenýärler. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi. Bu ylmy garaýyşlarda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn bellenilýär.

Magtymguly dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussat. Onuň ussatlygy, ilkinji nobatda milliligindedir, halkylygyndadyr. Akademik W.W. Bartold bu barada: “… türki halkyýetleriniň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenler” diýip, uly hormat bilen ýazypdyr.

Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy” diýip belleýşi ýaly, Magtymgulynyň ady Omar Haýýam, Ferdöwsi, Nyzamy, Nowaýy, Gaýyby, Kätibi, Zynhary, Kazy, Mätäji, Talyby ýaly Gündogaryň parlak ýyldyzlarynyň arasynda şöhle saçýar.

Türkmen halkynyň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen milli medeniýeti, asylly ýörelgesi bu günki gün dünýä ýaýylýar, ähli adamzadyň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolup durýar. Nusgawy edebiýatymyzyň ajaýyp eserlerini, milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň hemmesi biziň her birimizi buýsandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň, medeni diplomatiýanyň üsti bilen ýurdumyzda türkmen nusgawy şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak işleri giňden alnyp barylýar.

Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde «Magtymguly Pyragy portaly» işe girizildi. Ony döretmäge portalyň many-mazmunly çykmagyna jogap berýän Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, portalyň serweriniň programma üpjünçiligine we kiber goragyna jogap berýän Tehnologiýalar merkeziniň hem-de dil goldawyny berýän ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri gatnaşdy. Portal bölümlere ýerleşdirilen giňişleýin maglumatlary öz içine alýar: şahyryň ýaşan we döreden döwri, akyldaryň terjimehaly we dünýägaraýşy, goşgulary, ebedileşdirilmegi, onuň döredijiligini öwrenmek, Magtymguly Pyraga bagyşlanan kitaplar we wakalar. Şahyryň ol ýa-da beýleki eserini tapmak isleýän ulanyjylara amatly bolar ýaly, goşgular mowzuklara bölünýär, ses ýazgylary ýerleşdirilýär, ses ýazgylaryny gözlemek we baha bermek hem-de okalan goşgularynyň sanyny görmek mümkinçiligi döredilen. Portalda Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda oturdylan köpsanly ýadygärlikleriniň suratlary, meşhur adamlaryň şahyr hakda aýdan sözleri, şahyra bagyşlanan dokumental we çeper filmler, nakgaşlyk eserleri, dürli makalalar, türkmeniň nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyna degişli ylmy gözlegler we 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler baradaky maglumatlar berilýär. Ulanyjylar web portalyň administratoryna maglumat iberip biler ýaly mümkinçilik döredildi. Portala şu salgydan girip bilersiňiz: magtymgulypyragy.gov.tm

Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biziň üçin çäksiz bagtdyr. Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Muhyýewa Sülgün

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: