BEÝIK PYRAGYNYŇ ARZUWY
Magtymguly diýdi, herne bilenin
Bizem tutýas, bu gün onuň diýenin
Menem ýene goşgy ýazyp göreýin
Akyldaryň, arzuwy hasyl bolýar
Her gün irden okuwa gidýän wagtym
Diýýän, mundan başga gerek däl bagtym
Hiç wagt guramasym akyl daragtym
Watanym gün-günden ösüşe barýar
Beýik Magtymgulyň ýaşan döwründe
Beýle ajap günler asla bolmandyr
Mydam arzuw eden goşgy setirinde
Arzuwlary gül durmuşa ýetirýär
Şahyrmyzyň öwüt-nesihatlaryn
Gahryman Arkadagyma ýörelge bolýar
Arkadagly Gahryman Serdarym bolsa
Ähli işi birkemsiz dowam edýär
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
Hyjuw bilen, höwes bilen okaýar
Hem işleýär, hem ýazýar, aýdym aýdýar
Howandar Serdarym bizi goldaýar
Türkmen ady bütin äleme belli
Howasy bar mylaýym, şemally, ýelli
Agzybir, işeňňir bu türkmen ili
Doganlar bu ýurdy görmäne gelýär
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebini “Aýdym aýtmak sungaty”bölüminiň II ýyl talyby
Selbi Imamowa