BIZE YAZYARLAR

BEÝIK PYRAGYNYŇ 300-ÝYLLYGYNA

Beýik Pyragynyň eden arzuwy

Hasyl bolup joşdurýar kalbymyzy

Wasp edip şygrynda giň sähramyzy

Dolýar Pyragynyň 300-ýyllygy

 

Parahatlyk,asudalyk,jebislik

Şygrynda elmydam bar agzybirlik

Mahsus oňa iň gowy häsiýetlik

Dolýar Pyragynyň 300-ýyllygy

 

Magtymguly, bizi dünýä tanadan

Goşgularnyň dabarasy dag aşan

Ýaşlygynda bilim alan atadan

Dolýar Pyragynyň 300-ýyllygy

 

Dost-doganlyk, mertlik barada ýazan

Ýaşlykda göreşip, aýagna galan

Bu gün bütin älem oňa diň salan

Dolýar Pyragynyň 300-ýyllygy

 

Älem içre şahyryň ady gezýär

Ýaşlarymyz meňzäp goşgular düzýär

Şygyrlary öwüt-nesihat berýär

Dolýar Pyragynyň 300-ýyllygy

 

Arkadagly Serdarymyz sylaýar

Hormat bilen şygyrlaryn okaýar

Ýaşlar goşgularna aýdymlar aýdýar

Dolýar Pyragynyň 300-ýyllygy

  Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”bölüminiň II ýyl talyby

  Selbi Imamowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: