BIZE YAZYARLAR

Beýik işler rowaçlyga beslenýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglayşyklydyr” diýip belleýşi ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir amala aşyrylýan işde halkyň bähbidi bardyr.
Dünýäniň jenneti ülkesi bolan Türkmenistanymyza bolan buýsanjymyz günsaýyn artýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň deňagramly ösüşini üpjün etmek, döwletimizi mundan beýläkde ösdürmegiň esasy ugrularynyň hatarynda durýar.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kämilleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli we toplumlaýyn peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion, sanlytehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi ykdysady pudaklarda ýokary dephinli ösüşi saklap galmaklyga mümkinçilik berýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň beslenýän şanly ýylyny mynasyp zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda ýurdumyzyň telekeçileri hem jan aýaman zähmet çekýärler. Mälim bolşy ýaly tutýan paýy günsaýyn ýokarlanýan döwlete dahylsyz pudakda ýerine ýetirilýän işler hem, öndürilýän önümler hem dünýä bazary bilen bäs etmäge mynasypdyr.
Ata Watanymyzy ösüşleriň, özgerişleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan Milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

DÖWLETOWA Dilber,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünar okuw mekdebiniň talyby.