Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, milli bilim ulgamy hem toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, Watanymyza, halka, milli ýörelgelerimize wepaly nesiller bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen gazanylan oňyn tejribelere, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli bilim ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, bilim işiniň ýokary hili üpjün edilýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli derejelerinde öňdebaryjy usullar we pedagogik çemeleşmeler giňden ornaşdyrylýar. Bagtyýar ýaşlarda Watana, halka, hormatly Prezidentimize milli gymmatlyklarymyza hormaty we söýgini, ynsanperwerligi terbiýelemek maksady bilen, okuw maksatnamalary, okuw kitaplary, gollanmalar yzygiderli kämilleşdirilip, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlar esasynda türkmenistanly mekdep okuwçylarydyr talyplar halkara we ýurt derejesindäki olimpiadalara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi-de dünýäde ata Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýan ýaşlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleri zehinli deň-duşlaryndan görelde alyp, bilim we sport äleminde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Şunda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi
62 medal gazanandyklary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ýaşlarymyzyň okaýan döwründe halkara bilim bäsleşiklerinde gazanýan uly üstünlikleri Watanymyzyň abraýydyr, alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, başarjaň, maksada okgunly nesilleri terbiýelemek üçin döredýän şertlerine mynasyp zähmetimiz bilen jogap bermek biz — bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.
Zubida IZBASTYÝEWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

