BIZE YAZYARLAR

Beýik işler bilime daýanýar

Ylym-bilim her bir ynsan üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. «Bilim bilen hikmet ― altyndan gymmat» diýlişi ýaly, bilim ömri bakylyga, ýaşaýşy bagtyýarlyga sapýar. Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki innowasiýalaryň ösen häzirki döwründe ylym-bilim döwrebap işleri durmuşa geçirmekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar».
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berlip, bu ugurda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Olar öňdebaryjy okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary, internet ulgamyna birikdirilen kompýuterler bilen doly üpjün edilendir. Okuwçylar üçin elektron kitaphana serişdeleri elýeterlidir. Şunuň bilen baglylykda, her täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.
Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öňde goýlan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, saýlap alan kärine eýe bolmaklary, döredijilik we ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip belleýär. Şundan ugur alnyp, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şeýle hem bilim işini dolandyrmagyň umumy kabul edilen ýörelgelerini ornaşdyrmak, bilimiň, ylmy işleriň önümçilik bilen arabaglanyşygyny üpjün etmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ýylyň-ýylyna ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmeginiň däbe öwrülendigini hem nygtamalydyrys. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň hem bolmagy ýaş nesil barada döwletimiz tarapyndan edilýän bimöçber aladalaryň netijesidir.
Dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesiniň görkezişi ýaly, häzirki döwürde bilime we adam maýasyna goýulýan serişdeler islendik ýurduň ykdysady üstünliginiň açary bolup hyzmat edýär. Biz muňa «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan döwrebap taslamalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Şunda Watanymyzyň çar künjeginde 3 müň 380 orunlyk mekdepleriň, 1 müň 80 orunlyk çagalar baglarynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň dabaraly açylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalary bolar. Munuň netijesinde, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen ylym-bilim ulgamynda täze sepgitler gazanylar.
Goý, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun! Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy mundan beýläk-de uly ösüşlere beslensin!

Gülnaz BEBUTOWA,,
Farap etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy.