Beýik Britaniýaly bir günde 42 muzeýe syýahat etdi
Beýik Britaniýaly Ben Melhem bir günüň dowamynda 42 muzeýe gezelenç edip, dünýä rekordyny gazandy. Ol bu rekordyny 24 sagat üçin niýetlän bolsa-da, munuň üçin bary-ýogy 12 sagatdan gowrak wagtyny sarp etdi. Bu ugurda mundan öňki dünýä rekordy geçen ýyl Delide goýlupdy. Şonda syýahatçylar 33 muzeýe aýlanypdylar. Ben Melhem bu täsin syýahatynyň dowamynda muzeýleriň käbirlerine öz çagalary bilen gezelenç etdi. Şeýle-de ol bu medeni-sport syýahatynyň dowamynda taryhy ýerleriň 40-dan gowragyna aýlanyp gördi.