Beýik bagtymyzyň 33-nji ýyly
Beýik Garaşsyzlygymyz halkymyzy öz göbek ganynyň daman topragynyň eýesi bolmak, bitewi döwletini esaslandyrmak baradaky ençeme asyrlaryň dowamynda ýüreginde besläp gelen yhlas-umytlarynyň wysalyna ýetirdi. Şeýle-de öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemek hukugyna daýanyp, milli däp-dessurlaryna, durmuş tejribesine, taryhyna, mirasyna esaslanýan, özygtyýarly, demokratik, dünýewi, hukuk döwletini berkarar etmek mümkinçiligini berdi.
Ata Watanymyz taryh üçin örän gysga döwürde ykbal kesgitleýji syýasy, ykdysady, medeni çözgütleri tapyp, dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasyna öwrülmegiň hötdesinden geldi. Geçen 33 ýylyň içinde ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap maksatly menzilleri külterläp, guwandyryjy sepgitleri gazanmagy, dünýä giňişliginde belent hormata mynasyp bolmagy merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.
Wagt Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň saýlap alan ýolunyň — döwlet gurluşynyň syýasy-taryhy jähtden dürsdigini we esaslydygyny doly görkezdi. Çünki güneşli Diýarymyz Garaşsyzlygyň şanly 33 ýylynyň içinde egsilmez syýasy-ykdysady kuwwata eýe bolup, öz raýatlary üçin iň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etdi.
Baýramçylyk günlerinde bu toýa alyp gelen sepgitler barada pikir öwürmek zandymyzda bar. Beýik bagtymyzyň 33-nji ýyly, gürrüňsiz, iň şowly, iň düşümli ýyllaryň biri boldy. Şanly ýylyň dowamynda ýurdumyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň ençemesiniň şaýady bolduk.
Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ajaýyp Geňeş toýuna öwrülip, ýetilen sepgitleriň we öňde duran menzilleriň özboluşly köprüsine öwrüler. Goý, her güni toý ýaly ýakymly ajaýyp döwrümizde sakasynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz duran beýik işler mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Güljemile Berdyýewa
Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.