Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň ýaşaýjysy, 1932-nji ýylda dünýä inen Durdy Saparowa Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň zähmet gahrymançylygyny görkezen nusgalyk eneleriň biridir. Ol bary-ýogy 12 ýaşynda zähmet ýoluna başlap, uruş ýyllarynda ekin meýdanlarynda işlemek, front üçin ellik-jorap örmek we haly-palas dokamak bilen meşgullanypdyr. Uruşdan gaýdyp gelen Hezzi Goçow bilen maşgala guran Durdy ene, ömrüniň dowamynda daýhan birleşiginde halal zähmet çekip, ýokary netijeleri üçin birnäçe gezek döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Häzirki wagtda bir asyra golaý ýaşy bolan ene 3 oguldan we 4 gyzyndan bolan 36 agtygyň, 88 çowlugyň hem-de 5 ýuwlugyň eýesidir.
Durdy Saparowa diňe bir uly maşgalanyň kethudasy bolman, eýsem halkymyzyň gadymy halyçylyk, dokmaçylyk we keşdeçilik sungatyny ýaş nesillere öwredýän halypa hökmünde hem tanalýar. Ol häli-häzire çenli obadaşlaryna we agtyk-çowluklaryna el işleriniň inçe syrlaryny öwredip, keşdeçiligiň gadymy nusgalaryny dikeltmekde öz maslahatlaryny berip gelýär. Obanyň iň hormatly ýaşulularynyň biri hökmünde, her bir toý-baýramda ýaşlara ak pata berýän Durdy ene, häzirki bagtyýar zamanada döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanlarymyza öz minnetdarlygyny bildirýär.
Beşirli ene 94-nji baharyny garşylady
06
Mar

