Amyderýanyň boýunda gadymy ýaşaýyş mesgenleriniň birnäçesi ýerleşýär. Şolaryň biri-de Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Beşir gala arheologiýa ýadygärligidir.
Ýadygärlik inedördüle ýakyn görnüşde bolup, onuň uzynlygy 240, ini 220, iň belent nokady 12 metre deň. Tutýan meýdany bolsa 5 gektardan geçýär. Ýerli ilat arasynda ýadygärlik «Köne gala» diýlip hem atlandyrylýar. Ýazuw çeşmelerinde bolsa onuň irki döwürlerde «Şähri-Haýbar» diýlip atlandyrylandygy baradaky maglumatlara duş gelmek bolýar. Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň «Tapylmaz» atly goşgusyndaky: «Kesip Hojajeňbaz, galaýy-Haýbary birle…» diýen setir muňa mysaldyr. Goşguda agzalýan Hojajeňbaz galasy häzirki Hojambaz etrabynyň merkezinde ýerleşýän, şu günki günde ýerli ilat tarapyndan «Gyzylbaşgala» diýlip
atlandyrylýan gadymy galadyr. Ýokarda galanyň «Şähri-Haýbar» diýlip hem atlandyrylandygyny belläp geçipdik. «Haýbar» sözüniň haýbatly, uly ýaly manylary aňladýandygyny alymlar öz işlerinde belleýärler. Ýadygärligiň beýleki desgalardan tapawutly tarapy galanyň beýik erkiniň onuň belli bir burçunda bolman, edil merkezinde ýerleşýändigidir. Häzirki wagtda galanyň öz döwründe gurlan binalary we daşky goranyş diwarlary saklanyp galmandyr. Diňe onuň erkinde ýumrulan diwarlaryň yzlary bildirýär.
Beşir galasy ― Amyderýanyň sag kenaryndaky taryh
23
Oct
