Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat
komiteti we welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34-
ýylygyna bagyşlap “ Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman
badyn” atly maslahat agşamy geçirildi. Maslahat-da çykyş edenler Garaşsyzlyk baýramy-
özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan,
mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi, öz ýurduň hakyky eýesi bolmak, parahatçylyk we
asuda durmuş hakynda edilen arzuwlaryň amala aşandygyny, döwürleriň we nesilleriň
aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýardyklary barada gürrüň berdiler. Çäräniň
dowamynda gatnaşyjylar “ Garaşsyzlyk mukamy” atly kitap sergisine tomaşa etdiler.
Bitaraplyk ýörelgesini baýdak edinip, Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Merdana
halkyna işlemäne,ýaşamana ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt
ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman badyn
15
Sep

