«Bereketli jaý» hususy kärhanasynda günde 700 liitr süýt öndürilýär

Işini Dänew etrabynyň Maý geňeşliginde alyp barýan «Bereketli jaý» hususy kärhanasynyň maldarçylyk hojalygynda günde 700 litrden gowrak süýt sagylýar we söwda nokatlaryna iberilýär. Bu ýerde «Golştin» tohumly sygyrlaryň 185-si idedilýär. Olaryň 60-sy sagymly sygyrlardyr. Mallardan ýylda 100-den gowrak göle alynýar.
Bu ýerde towuklaryň 2 müňe golaýy, jüýjeleriň hem 10 müňüsi idedilýär. Towuklardan her günde 600-den gowrak ýumurtga alynýar. Hususy kärhana bölünip berlen 150 gektardan gowrak meýdanda ot-iýmlik ekinler ekilýär. Bu ýerde geljekde süýdi gaýtadan işläp, dürli önümleri öndürmegi maksat edinilýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector