«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket şäherindäki çeper halyçylyk kärhanasynda üstümizdäki ýylyň geçen 6 aýynda dürli ölçegdäki haly önümleriniň jemi 1 müň 561 inedördül metri dokalyp, meýilnamany artygy bilen berjaý edildi.
Şu döwürde bu ýerde pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi 2 million 411 müň manatdan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada gazanylan ösüş depgininiň 132 göterime barabar bolandygyny görkezýär.
