TÜRKMENISTAN HABARLARY

Berdimuhamedow Awstriýanyň baş diplomaty Mihael Linhart bilen duşuşdy

9-njy noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ägirt uly kuwwata eýe bolan türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň işine hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.

Awstriýanyň we tutuş Ýewropa işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygy nygtaldy. Bu ýerde işewürleriň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Awstriýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza sapary wagtynda ýanynda bolýan wekiliýetiň giň düzümi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: