YKDYSADYÝET

Benzin öndürilişinde ösüş gazanyldy

Lebap welaýatynda ýylyň ilkinji iki aýynda 44,1 müň tonna benzin öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,9 müň tonna köp bolup, ösüş depgini 2,1 göterime barabar boldy.
Bu ösüş nebit gaýtadan işleýän kärhanalarda täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Şeýle mümkinçilikler ýurdumyzyň içerki bazarynyň ýokary hilli ýangyç serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem-de ykdysady ösüşe goşant goşýar.