Bellenilen meýilnama 181,1 göterim ýerine ýetirildi

Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikinçilik fabriginde geçen ýylda ýokary hilli tikin önümleriniň ep-esli mukdary öndürilip, ýyllyk bellenilen meýilnama 181,1 göterim ýerine ýetirildi.

 Kärhanada tikilýän dürli görnüşli önümleriň matalary ýurduň dokma kärhanalarynyň nah matalarydyr. Bu ýerde tikin önümleriniň 100-den gowrak görnüşi öndürilip, ilata ýetirilýär. Tikin önümleriniň aglaba bölegi Türkmenistanyň  Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň buýurmalary esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite tikilen eşiklerdir. Bölek satuw üçin tikilýän çaga eşiklerine, pamykly ýorgan, düşek, ýassyk önümlerine-de isleg uly.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector