BELENT ÜSTÜNLIKLERE TARAP
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda belent üstünlikler gazanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün edýär, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň aýratyn orny bardyr. Çünki ýurdumyzyň pudaklarynda täze önümçilikler ýola goýlup, belent maksatlara ýetmegiň ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde amala aşyrylýan işleriň ýokarydygyny aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar amal edilýär. Eziz Diýarymyzda raýatlaryň durmuş abadançylygy, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy esasy ugur bolup durýar. Ýurdumyzda adamlar üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, döwrebap şertleriň bolmagy ösüşiň möhüm ugruny kesgitleýär. Esasan hem, döwletimizde bilim ojaklarynyň döwrebap üpjünçiligi, okuw-terbiýeçilik toplumlary aýratyn many-mazmuna eýedir. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändikleri guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu aýdyň netijeler durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berilýän kuwwatly desgalar ykdysady ösüşlerimiziň ýokarydygynyň hem beýany bolup durýar. Häzirki wagtda bu desgalarda öndürilýän önümler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle kuwwatly desgalar «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda her ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegini belläp geçmek örän ýakymlydyr. Iň döwrebap mümkinçiliklere eýe bolan Lebap sement zawodynda oturdylan häzirki zaman enjamlary Germaniýanyň senagat standartlaryna — DIN ülňülerine, sement senagatynyň standartlary hem IEC we ISO standartlaryna doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, «Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň degişli güwänamasynyň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýokary hilliligi bilen dünýäde ykrar edilýändiginiň hem aýdyň beýanydyr. Bu görkeziji ýurdumyzyň senagat pudagynda beýik ösüşlere eýe bolýandygyny görkezýär.
Şol sanda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde dörediljek täze bilelikdäki kärhanada, ýagny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligi hem-de “Ak bulut” hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmagynda gurluşyklarda giňden ulanylýan asma potoloklaryň, sinklenen metal profilleriň, profil aksessuarlaryň we gury gurluşyk garyndy materiallaryň önümçiligi ýola goýmak, ýene-de bellesek “Türkmenhimiýa” döwlet konserni Lebap welaýatynyň etraplarynda mineral dökünleri ammarlarda bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak hem-de dökünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, ýörite ammarlary gurmak boýunça işleriň hem alnyp barylýandygy diýseň buýsandyrýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde mähriban Watanymyzyň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagy, ýokary islegden peýdalanmagy esasy şert bolup durýar. Bu maksatlary ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurtda öndürilýän önümler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Sözüň doly manysynda ýurdumyz ösen önümçilik kuwwatyna eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz has-da beýik ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimizi mundan beýläk hem berkitmek ugurlaryna aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň önümçilik kuwwaty ýokarlandyrylyp, ol milli ykdysadyýetimize uly goşant goşýar. Berkarar Watanymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri saýlanyp alnan ugruň ösüşli ýoldugyny görkezdi. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze ösüşlere ýetmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Ykdysady ösüşli şeýle kuwwatly döwletde, ilkinji nobatda, adam hakynda alada edilýär, geljekki nesillere niýetlenen beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlary, orta mekdepler, çagalar baglary gurlup ulanylmaga berilýär. Bularyň hemmesi geljek nesillerimiziň bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik işlerdir.
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär» diýip belleýär. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele gelýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Munuň özi nurana geljegimiziň has-da ösüşli bolmagyny, nesillerimiziň bagtyýarlygyny üpjün edýär.
Jemilýe Mamedowa
“Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy