Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün edýär, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň aýratyn orny bardyr. Çünki ýurdumyzyň pudaklarynda täze önümçilikler ýola goýlup, belent maksatlara ýetmegiň ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde amala aşyrylýan işleriň ýokarydygyny aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar amal edilýär. Eziz Diýarymyzda raýatlaryň durmuş abadançylygy, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy esasy ugur bolup durýar. Ýurdumyzda adamlar üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, döwrebap şertleriň bolmagy ösüşiň möhüm ugruny kesgitleýär. Esasan hem, döwletimizde bilim ojaklarynyň döwrebap üpjünçiligi, okuw-terbiýeçilik toplumlary aýratyn many-mazmuna eýedir. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändikleri guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu aýdyň netijeler durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berilýän kuwwatly desgalar ykdysady ösüşlerimiziň ýokarydygynyň hem beýany bolup durýar. Häzirki wagtda bu desgalarda öndürilýän önümler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde mähriban Watanymyzyň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagy, ýokary islegden peýdalanmagy esasy şert bolup durýar. Bu maksatlary ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurtda öndürilýän önümler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Sözüň doly manysynda ýurdumyz ösen önümçilik kuwwatyna eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz has-da beýik ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimizi mundan beýläk hem berkitmek ugurlaryna aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň önümçilik kuwwaty ýokarlandyrylyp, ol milli ykdysadyýetimize uly goşant goşýar. Berkarar Watanymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri saýlanyp alnan ugruň ösüşli ýoldugyny görkezdi. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze ösüşlere ýetmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Ykdysady ösüşli şeýle kuwwatly döwletde, ilkinji nobatda, adam hakynda alada edilýär, geljekki nesillere niýetlenen beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlary, orta mekdepler, çagalar baglary gurlup ulanylmaga berilýär. Bularyň hemmesi geljek nesillerimiziň bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik işlerdir.
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär» diýip belleýär. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele gelýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Munuň özi nurana geljegimiziň has-da ösüşli bolmagyny, nesillerimiziň bagtyýarlygyny üpjün edýär.
DÖWRANOWA Arzuw,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
dil öwreniş bölüminiň 119-njy okuw toparynyň talyby.

