DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Belarusda robot dermanhanaçy işläp başlady

Belarus Respublikasynda ilkinji robot dermanhanaçy işe başlady. Minsk şäheriniň demirýol menzilindäki dermanhanada işe başlan gumanoid gije-gündiziň dowamynda işleýär. Bu ýerde iň zerur bolan dermanlaryň 300-den gowragy bardyr. Alyjylara diňe ýörite sensorly ekran arkaly gerekli dermany saýlamak we töleg etmek ýeterlikdir.
Robot awtomatiki usulda sargydy alyjylara ýetirýär. Geçirilen synaglarda robot anyk we tiz hereket edip, hiç hili ýalňyşlyk goýbermedi. Şeýle-de ol dermanhanada derman serişdeleriniň saklanyş aýratynlyklaryna, temperaturanyň derejesine gözegçilik edýär. Hünärmenler geljekde ýurduň
beýleki şäherlerinde hem robot dermanhanaçylary işe girizmegi meýilleşdirýärler.