Belarus Respublikasynyň «SB Belarus Segodnya» atly abraýly neşirinde Türkmenistandan gelen ýaş işçi Agageldi Myradow barada gyzykly makala çap edildi. Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabyndan bolan 26 ýaşly ýigit häzirki wagtda Belarusyň Dribin şäherindäki gurluşyk kärhanasynda zähmet çekýär. Neşirde onuň zähmetsöýerligi, täze hünärleri çalt özleşdirmegi hem-de gurluşyk işlerinde görkezýän ýokary başarnygy aýratyn bellenilýär.
Makala maglumatlaryna görä, Agageldi Myradow geçen ýylyň ýazynda tanyşlarynyň maslahat bermegi bilen Belarus Respublikasyna gelip, gurluşyk kärhanasynda işe ýerleşipdir. Häzirki wagtda ol Şklow etrabynyň Nowosýolki obasynda ýerleşýän süýt önümçilik fermasynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan gurluşyk işlerinde zähmet çekýär. Ol gysga wagtyň dowamynda dürli gurluşyk işlerini, şol sanda bezeg işlerini ýerine ýetirmegi we ýyladyşly suw içiriji enjamlary gurnamagy hem öwrenipdir.
Belarus neşiri türkmen işçileriniň zähmetine ýokary baha berilýändigini aýratyn nygtaýar. Gurluşyk ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, türkmenistanly işgärler diňe bir özleri yhlasly zähmet çekmek bilen çäklenmän, ýerli gurluşykçylaryň arasynda hem sagdyn bäsdeşligi döredýär. Şeýle makalalaryň çap edilmegi daşary ýurtlarda zähmet çekýän türkmen ýaşlarynyň zähmetiniň ýokary baha mynasyp bolýandygyny görkezýär.
Belarus neşiri garabekewülli ýigidi öwdi
18
Mar

