Angliýanyň milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Dewid Bekhem rysarlyk derejesine eýe bolar. Türgen 14-nji iýunda Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III doglan güni mynasybetli geçiriljek baýramçylygyň çäklerindäki sylaglanýanlaryň sanawyna goşuldy. Bu barada “The Sun” neşiri habar berýär.
Bekhem bu derejä 20 ýyldan gowrak bäri garaşyp gelýär. 2003-nji ýylda ol Britan imperiýasynyň ofiserlik ordeni bilen sylaglandy. Şonda ol sporta hem-de haýyr-sahawata goşan goşandy üçin bu baýraga mynasyp bolupdy.
50 ýaşyndaky Bekhem rysarlyk derejesini alandan soňra ol ser Dewid diýlip atlandyrylar. Onuň maşgalasy hanym Wiktoriýa bolar.
Bekheme Angliýada belent dereje berler

09
Jun