JEMGYÝET

«Bek» ilaty süýji-köke önümleri bilen üpjün edýär

Türkmenabat şäherindäki «Bek» hususy kärhanasynda datly süýji-köke
önümlerini öndürmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ýerde öndürilýän
bally, şokoladly, miweli, künjüli we dürli ýakymly tagamly süýjüleriňdir
kökeleriň hyrydary barha artýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ferýuza
Demirowa degişli bolan bu önümçilikde Türkiýede, Russiýa Federasiýasynda we
Italiýada öndürilen kämil enjamlar bökdençsiz işledilýär. Bu ýerde dürli datly
önümleriň 100-den gowrak görnüşi öndürilip, alyjylara ýetirilýär. Önümçilikde
30-dan gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär. Hususy kärhanada taýýar
önümleri Türkmenabat şäheriniň we şähere ýakyn etraplaryň ilatyna eltip
bermek hyzmaty hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: