BIZE YAZYARLAR

Behişdi Bedewler.

“Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasydyr”.

Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabyndan.

Milli Liderimiziň ýiti zehininden, pähim-paýhasyndan dörän “Atda wepa-da bar, sapa-da ” kitaby, türkmeniň milli göz guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň gadymdan gelýän taryhyna we şöhratly geljegine bagyşlanýar

Asyrlaryň dowamynda ady rowaýata öwrülen, merdana ata-babalarymyzdan miras galan tebigatyň gözelligi hasaplanýan, behişdi bedewler ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk milli baýlyklaryň, gymmatlyklaryň biridir. Halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde şatlyk-şowhun bilen ruhubelentlikde bellenilýär. Däbe öwrülen ajaýyp baýramyň öňisyrasynda ýurdumyzda tohum atlaryň arasynda tebigy gözelligini beýan etmekde döredijilik bäsleşikleri, ahalteke atşynaslygynyň taryhyny, sungatyny aýdyň açyp görkezýän sergileri şeýle-de at çapyşyklary guralýar. Bedew baýramçylygyna bagyşlanan çäreler  ýurdumyzyň ähli çäklerinde giň gerimli ýaýbaňlandyrylyp, ylmy maslahatlar, konsertler geçirilýär. Bu bolsa baýramçylyk şowhunyny has hem gözelleşdirýär.    

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ülňilerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi. Behişdi bedewlere bagyşlanyp geçirilýän her ýyldaky dabaraly çärelerde aýlawlaryň meýdançalarynda atlaryň dabaraly çykyşlary we bäsleşikleri geçirilýär. Ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten şeýle parasatly söz bar: “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy”. Bu aýdylan many-mazmunly setirlerde bedew aty maşgala agzasy hökmünde garalyp, ýagny ataňdan soň ikinji orunda durýandygy, maşgala başy hökmünde goýýandyklarynyň aýdyň mysalydyr. Behişdi bedewlerimiziň tebigy gözelliginde, duýgurlygynda, ýyndam we ýüwrükliginde, wepalylygynda ata-babalarymyzyň aladalary we yhlaslary ýatandyr.

Bedewleriň waspy, bagşy sazandalaryň, şahyrlaryň dillerinde dessan bolup,  suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň söýüp höwes bilen janlandyrýan  ajaýyp eserlerine öwrüldi. Häzirki wagtda Ahalteke bedewlerini seýislemek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada teklipnama taýýarlanyldy. Bu bolsa bedewlere goýulýan sarpanyň derejesiniň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Pederlerimizden dowam edip gelýän seýisçilik däplerini ýaş nesillerimize geçirip, ösüp gelýän ýaş nesillerde bedew atlaryna, atçylyga bolan söýgüni artdyrmak üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Behişdi bedewleri sarpalap, olary bütin dünýäniň ýüzünde şöhratyny artdyrmak, arassa ganly tohum atlarynyň sanlaryny has hem köpeltmek, atçylyk sportyny kämilleşdirip dünýä derejesine çykarmak barada uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri diňe rowaçlyklara beslensin!

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň  “Hünäri boýunça rus dili ” dersiniň mugallymy

Hojanazarowa Jeren Gurbanowna.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: