YKDYSADYÝET

«Beg ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň ýüplükleri daşary ýurtlar eksport edilýär

Türkmen kärhanasy özbegistanly sarp edijilere polipropilen ýüplükleriniň nobatdaky tapgyryny eksport etdi. Bu barada TürkmenIstanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän  ýerli çig maldan öndürilen PP BCF (köp tarly) polipropilen ýüplük öndürmäge ýöriteleşen «Beg ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň ýüplüklerine daşary bazarda isleg uly. Hojalyk jemgyýeti önümlerini Azerbaýjana, Türkiýä, Gazagystana, Saud Arabystanyna eksport edýär.

Onuň aýratynlygy himiki inertliligidir. Bu, polipropilen hala degişli ýüplük öndürilende, reňk berip bolýandygyny we taýýar önümi boýap bolmaýandygyny aňladýar. Polipropilen halylar al-elwan öwüsýän görnüşde bolup, olaryň ýeňilligi, amatlylygy, aňsat arassalanmagy we bahasynyň arzanlygy bolsa esasy aýratynlygydyr. Kärhanada ýörite tehnologiýa boýunça sintetik halylara degişli ýüplük öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: