«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilim işgärleriniň öňünde hem jogapkärli wezipeler durýar. Biz ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olara milli ýol-ýörelgelerimize we gadymy gymmatlyklarymyza söýgi döretmek maksady bilen sapaklarda dürli iş usullaryny ulanýarys. Çagalara sapaklarda we sapakdan daşary guralýan çärelerde bedewler hakynda goşgulary, rowaýatlary öwredýäris. Bedewleriň bezegleri we zynatlary bilen baglanyşykly maglumatlar hem olarda uly gyzyklanma döredýär.
Edil atçylyk ýaly haly we halyçylyk sungaty hem türkmen halkynyň iň bir halal sungatydyr. Esasan maldarçylyk we çarwaçylyk bilen meşhur bolan türkmeniň bezeglik haly-palas önümleri olaryň esasy ulagy bolan atlar we düýeler üçin niýetlenendir. Ata-babalarymyz düýebaşlyk, düýehalyk, düýedyzlyk, eýerlik, atkeçe, attorba, gursakça ýaly haly önümleri bilen wepaly dosty gamly güni gardaşy toýly güni syrdaşy bolan bedewleri bezapdirler. Olara dürli şaý-sepleri halydan gaýyşdan edilen lybaslary dakypdyrlar. «Alagaýyş», «Güdriküpjek», «Aýly tegme» , «Tylla gaýyşly eýer», «Mahmal derlik», «Gülnary ýona», «Zerefşan seçekli köýnekçe», «Gaýyş seçekli kümüş gözlük», «Çarpazly göwüsbent», «Şabram seçekli gursakça», «Tylla keşdeli at keçe», « Ýüpek seçekli eýerlik» ýaly bezegler» atyň görküne görk goşup, onuň ruhuny belende göterýär.
«Ýigide maly döwlet getirer, gelin-gyza haly» diýen parasatly garaýyşdan ugur alan pederlerimiz aty döwlet hasaplapdyrlar. Gelin-gyzlarymyz atlar üçin ýörite halydan, ondan-da inçejik ýüpege ýüwürdilen halylardan köýnekje, köpjek, gursakça eýerlik boýunbag, horjunlary we torbalary dokapdyrlar. Olar aty gözlük, göbüsbent, alagaýyş bilen bezeýişleri ýaly, dagdan agajyndan we beýleki bir berk agaçlardan eýer ýasap, onuň gaşyny kümüçşden tylladan ýasapdyrlar. Şonuň aşagyndan bolsa, eýer atyň sagrysyny ýara etmez ýaly galyň, gyrkylyp dokalan gursakçany geýdiripdirler. Eýeriň üstünden inçe egrilen ýüpden eýerlik dokalypdyr. Derlik uzak aralykda çapylyp gelen atlara geýdirilipdir. Ol atyň çalt deriniň gaçmagyna ýardam edipdir. Şonuň üçin ene-mamalarymyz ýörite at keçelerini ýasapdyrlar.
At keçe ýüňden ýörite atyň boýnuna barabar uzynlykda biçilip-dikilýän örtgüdir. Ol köplenç ak ýüňden edilýar we keşdelenip owadanlanylýar. Ol atlar derlände gyş wagtlary sowukdan goramaga ýardam edýär. Oňa el keşdesi bilen ”Goçak”, ”Siňirme” nagyşlary salynýar.
Torba ak ýada gyzyl renkli ýüňden dokalýar. Onuň ýüzüne ”Gyýak”, ”Egrije” ýaly nagyşlar salyýar. Bu palas önümi atlaryň agzyna geýdirmek we içine arpa guýup bermek maksady bilen dokalýar. Iki gapdalyndan ýüňden örilen ýogyn alaja ýüpi bar.
Horjunyň gözgi bagy bir sydyrgyn örilen ýüpden durýar. Ol bir sydyrgyn örilen ýüpden bolýar. Boýunbag dört barmak inlilikde atyň boýnuna dakylýan haly önumidir. Onuň gyrasy gotozlar bilen bezelipdir. Oňa köplenç ”Erikgül”, ”Nargül”, ”Dagdan” ýaly nagyşlar ýasalypdyr.
Gözlük bedewiň maňlaýyna dakylýar. Onuň ýerligi gönden bolup gaýyşyň ýüzüne guşgöziler düzülýar.
Gursakça göwresini ýapyp aşaklary owadan seçekleri sallanyp duran owadan haly önümidir. Oňa gyz-gelinlerimiz köplenç gadymy ”Ok-ýaý” nagşyny salypdyrlar. Seçeklerini bolsa, dürli reňk ýüpler bilen alaja şekilinde iýşipdirler.
Eýeriň üstüne goýulýan haly önümi gelin-gyzlarymyz tarapyndan dokalyp, oňa ”Dagdan”, ”Akgoçak”, ”Jüýjeburun” ýaly ownuk nagyşlar salnypdyr. Özüniň owadanlygy arassa ganlylygy ýyndamlygy bilen dünýäni baglan bedewlerimiz gelin-gyzlarymyzyň bu inçe sungaty bilen has-da gözelleşýärler.
Goý, siziň her biriňiziň töriňizi kalbyňyza öýdüm, diliňize aýdym bolan şol gözel hem ajaýyp bedewlerimiz ýaly owadan halylarymyz bezesin. Birek birege söýgiňiz haly ýaly owadan, bedew ýaly mähirli gözel bolsun!
Leýla ARTYKOWA,
Saýat etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
