BIZE YAZYARLAR

Bedew ýigidiň myrady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly, naýbaşy ahalteke atlaryny köpeltmek we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, ata-babalaryň miras galan milli seýisçilik sungatyny hasda kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alynyp barylýar. Ynha ýaňy yakynda biziň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip ýokary derejeli baýraklara mynasyp boldular.
Behişdi bedewleriň gözelligi, çydamlylygy, asyllylygy, wepalylygy we duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesini dünýä ýaýan ýaş atşynaslara Hormatly Prezidentimiz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, pul baýraklary gowşuryldy. Ahalteke bedewleriniň Watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar. Ähli döwürlerde bedewler halkymyzyň wepaly dosty we hemrasy, onuň ylham çeşmesi bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bedewlere bolan söýgi türkmenlerde nesilden-nesle geçip gelýär.
Milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine, dünýäde giňden wagyz edilmegine, Watanymyzyň ileri tutulýan döwlet syýasatlarynyň birine öwrülmegine şert döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

MATARIMOW Mansur,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: