BIZE YAZYARLAR

Bedew-rowaçlygyň nyşany

Türkmen halkymyz bedew atyny üstünligiň, rowaçlygyň, bollugyň, berekediň, wepalylygyň nyşany hasaplaýar. 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen “ Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda hem uly many- mazmun ýatandyr. Türkmen halkynyň bedew atlaryna bolan söýgüsi has aňyrdan gaýdýar diýsek ýalňyşmarys. “Nusaý atlary” ady bilen taryha giren türkmen bedewlerimize dünýä ýzünde uly sarpa goýulýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew sarpasy hasda göterildi. Ýer ýüzüni parahatçylyga, ynanyşmaga çagyrýan Türkmenistan bugun arassaganly, seýkin basyşly, inçe billi atlary bilen tanalýar.
Sirk sungatynyň janköýerlerini haýrana goýýan at üstündäki milli oýunlary “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýä meşhur etdi. Topar döredilenden şu günki güne çenli eýýäm 6-njy gezek halkara festiwallarda ýeňiş gazanyp gelýär “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýerine ýetirýän çykyşlary, olaryň kämillige tarap barýan ýollary öz topragymyzdan başlap dünýäniň ol künjüne baryp ýetdi diýsek ýalňyşmarys.Gahryman Arkadagymyzyň kämillik mekdebinden sapak alyp taplanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2013-nji ýylda Moskwada geçirilen “IDOL” Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda, 2014-nji ýylda Italýanyň Latina şäherinde geçirilen “Sitta di-Latina” atly halkara festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda, 2018-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen sirk sungatynyň festiwallaryna baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şu günki güne çenli bolsa dünýäniň 5 gezek çempiony bolmagy başaran bu toparyň görkezýän oýunlary Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge mynasyp.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylylyň bedew ýyly bilen gabat gelmegem bu ýylda gazanjak üstünliklerimiziň geçen ýyllardakydan has zyýada boljakdygynyň alamatydyr. Nesip bolsa 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ösüşleriň gazanyljakdygyna ynamymyz ulydyr. Geljekde ýetiljek belent sepgitleriň ýorgudyny bolsa ýaşuly neslimiz ýylyň başynyň ak gar bilen başlamagy bilen bagly görýärler.
Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Gahryman Serdarymyza Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli babatda gazanjak üstünliklerini wagyz etmäge, olaryň ähmiýetini halka ýetirmäge döredip berýän şertleri üçin çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. ”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem Garaşsyz döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ösüşlere beslenip, bedew batly öňe gitsin!

Dilşat ÝARAŞOWA,
Darganata etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň
iňlis dili mugallymy.