Bedew aty münüp geldi bu ýyllar,
Ganat ýaýyp gülüp geldi bu ýyllar,
Dost-doganlyk ýollarynyň bekäni,
Bedew batly at-myradyň mekany.
Her bir türkmeniň ýürek töründe orun alan ajaýyp döwrümize bolan buýsanç duýgusy her bir ösüşiň dowamyny ýene ösüşlere besleýär. Ynha bu ýylymyza hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” diýlen at berilmegi aýratyn bellemäge, buýsanmaga mynasypdyr. Dünýä meşhur behişdi bedewlerimiziň şöhradyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin bu ýylymyzda gazanylýan üstünlikler sanardan kändir. Her bir halkyň döreden milli gymmatlygy onuň gazanýan üstünliklerine ýörelge bolup durýar. Bu günki günde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda milliligimize uly üns berilýär. Türkmen halkynyň dünýä medenýetine goşan ägirt uly goşandy hem ahalteke bedewlerini seýislemek, olaryň arassaganlylygyny şu güne çenli gorap saklamagydyr. Häzirki döwrümiziň netijeli işleriniň biri hem arassaganly ahalteke atlarymyzyň sanyny artdyrmak, olar barada ylmy garaýyşlary ýaşlara ýetirmek bolup durýar.
Türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan bedewlerimiz barada Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplary gymmatly gollanmamyza, ýan kitabymyza öwrüldi. Çuňňur paýhasa eýlenen bu ajaýyp eserlerde türkmen bedewiniň taryhdaky şöhratly ýoly, şu güni hakynda ylmy esasda esaslandyrylan gymmatly maglumatlar bar.
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna goşulmagy, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäde meşhur bolmagy bu sungata belent sarpa goýulýanlygyndan nyşandyr. Behişdi bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmakda, olaryň ajaýyplyklaryny dabaralandyrmakda asylly maksatlara eýerilýär.
Milli medenýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Nurana YSLAMOWA,
Darganata etrabyndaky Takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen
13-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.

