Häzirki wagtda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamak, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende götermek we seýisçilik sungatyny döwrebap derejede ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gözelligiň we ýyndamlygyň kämil nusgasy bolan, «ýelden ýüwrük» diýlip sypatlandyrylýan ahalteke bedewleri täze eýýamda bedew bady bilen belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durnukly ösüşleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Ahalteke bedewlerine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli goldawlary netijesinde şöhratly däpleri özünde jemleýän ýurdumyzyň atçylygyny gorap saklamak hem-de ony üstünlikli dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek, ajaýyp ahalteke bedewlerini dünýä ýüzünde wagyz etmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredildi. Täze taryhy döwürde ahalteke bedewleriniň nesil dowamaty babatda täze ylmy usullar we guramaçylykly çemeleşmeler, öňdebaryjy dünýä tejribesi ornaşdyrylýar, şoňa görä-de, olaryň ajaýyp genofondy aýawly goralyp saklanylýar hem-de milli, ruhy we taryhy gymmatlyk hökmünde geljekki nesillere geçirilýär.
Atçylyk pudagyny ösdürmek babatynda bu ugurdaky bilime, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, atçylyk ylmyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde açylyp ulanylmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda talyplaryň at münmegiň ýokary mekdebiniň tilsimlerini, emellerini we tehnikasyny özleşdirmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi ahalteke bedewleriniň ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmaga, olara halkara sport giňişliginde ajaýyp ýeňişleri gazanmaga giň mümkinçilik berýär. Şular bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde açylan Atçylyk ylmy önümçilik merkeziniň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň atçylyk pudagyny ylmy hem-de milli ugurlar bilen ösdürmek ugrunda möhüm ädim bolandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Dünýäde türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny beýgeldýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ençeme abraýly halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp boldular, dünýäniň çar künjeginde türkmen Tuguny belende göterdiler, dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda ençeme gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe boldular. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň ýörite şahadatnamalarynyň gowşurylmagy mynasybetli Şa serpaýynyň berilmegi juda ýakymly waka boldy. Gazanylan belent sepgitler ahalteke bedewleriniň gözelliginiň, çapyksuwarlaryň ussatlygynyň we seýisleriň yhlasly zähmetiniň miwesidir. Şeýle taryhy üstünlikleriň esasy gözbaşy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atçylyk hem-de sirk sungatyny ösdürmekdäki döwlet syýasatydyr we goldaw-hemaýatlarydyr.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat sowgat bermegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdi esasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna 3 million manat pul serişdesiniň we toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerleriniň serpaý berilmegi, ýurdumyzda ussat seýisleriň, atşynaslaryň hem-de çapyksuwarlaryň zähmetine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň, bu ugurda zehinli ýaş hünärmenleri ýetişdirmäge berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.
Ýeri gelende bellesek, üstümizdäki şanly ýylda Türkmenistanyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan etmegi, dostlukly halklaryň arasynda medeni-taryhy, ynsanperwer we sport gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle-de atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Şeýle beýik işleriň sakasynda duran we behişdi ahalteke atlarymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Abdylmuhammet ALLAGULYÝEW,
Farap etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.

