BIZE YAZYARLAR

BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

Diňe bagty çüwen ýaşaýar bizde,
Mukaddeslik, rysgal-döwlet öýmüzde,
Ýaşaýyşyň reňki bar baýdagmyzda,
Bedew batly at-myradyň mekany.

Watançylyk duýgusyndan möwç aldym,
Säher turup, seni maňlaýma syldym,
Sende şatlyk, mähir, bulagyn gördüm,
Bedew batly at-myradyň mekany.

Watanym, gün-günden asmana galdyň,
Türkmen ilim, egsilmezdir bu bagtyň,
Sen hakynda mydam şygyrlar ýazdym,
Bedew batly at-myradyň mekany.

Aýdym aýdýas dilinde doganlaryň,
Deň-taýymyz ýok ýer ýüzünde bu gün
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym,
Bedew batly at-myradyň mekany.

Selbi IMAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Prezidentiniň” talyp hakynyň eýesi.