BIZE YAZYARLAR

Bedew bady bilen täze sepgitlere tarap

Welaýat kitaphanasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde guralan maslahat üstümizdäki 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlandy. Bu çärä ýaşuly nesliň wekilleri, bilim we saglygy goraýyş işgärleri, kitaphanaçylar, talyp ýaşlar bilen bir hatarda welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary hem işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda halkymyzyň agzybirligi we ýurt ösüşiniň täze belentlikleri baradaky gyzykly söhbetler öňe sürüldi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, 2026-njy ýylyň şygarynyň ganatly bedewlerimiziň bady bilen utgaşdyrylmagy örän ýerine düşen çözgütdir. Gümrük gullugynyň wekilleri hökmünde biz hem döwrümiziň her bir üstünligine mahsus bolan bu bedew badyny öz gulluk işimizde duýýarys. Maslahatda bu ýylyň ähli ugurlar babatynda, şol sanda ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekde has ýokary sepgitlere ýetilmeli ýyly boljakdygy aýratyn nygtaldy.
Gündogar sebitiň ýaşaýjylary we harby gullukçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35-nji ýylyny uly zähmet rowaçlyklary bilen garşylaýarlar. Biz — gümrükçiler hem döwletimiziň ösüşlerine öz ak ýürekli zähmetimiz, gaýratymyz we başarnygymyz bilen mynasyp goşant goşjakdygymyza ynam bildirýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy her bir raýaty täze üstünliklere we belent maksatlara ruhlandyrýar.

Eziz MÄMEDOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.