Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bilelikde, medeniýet ulgamy hem günsaýyn ösýär, özgerýär.Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda muzeýleriň işi barha kämilleşdirilýär. 2026-njy ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at- myradyň mekany” ýyly diýilip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran taryhy waka boldy. Täze ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolyndaky ynamyny özünde jemleýär. Şygarda bedew batly at türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýär. Ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda aýratyn orna eýedigini, berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläkde dünýä ýaýmakda uly bir orny eýeleýär. Bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň durmuşyndaky şatlykly wakalar bagtyýar halkymyzy täze ýeňişlere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça düýpli ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek, mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, senetçiligimiziňdir, sungatymyzyň dürli görnüşleriniň halkara ykrarnamalaryna mynasyp bolmagy raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende götermekde, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da ýokary derejelere galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Şeker BATYROWA,
Türkmenabat şäher Beýik
Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.
