Baýramçylykda kime, nähili gül sowgat bermeli? Türkmenabatly gülçi jogap berdi
Türkmenabat şäherindäki “Merdana” söwda merkeziniň (Gül bazary) satyjysy, telekeçi Zibo
Haldurdyýewa welaýat neşiriniň habarçysyna Halkara zenanlar güni mynasybetli ýakynlaryňa gül sowgat etmek bilen bagly maslahatlaryny berdi:
— Bu owadan baýramçylykda müşderilerimiziň yzy üzülmeýär. Biz olaryň isleglerine görä sowgatlyk gülleri taýýarlamak üçin höwesli zähmet çekýäris. Halkara zenanlar gününiň iň ýörgünli sowgatlyk güli çigildem hasaplanylýar. Bu owadan gülüň häzirki wagtda biziň dükanlarymyzda ak, gyzyl, elwan, gök, gyrmyzy, sary reňkleri bar. Bu gülleriň aglabasy bize gülçi ildeşlerimiziň ýyladyşhanalaryndan, şeýle-de Eýrandan we Niderlandlardan getirilýär. Gyzyl bägüllere hem uly isleg bildirilýär. Ony bu baýramçylykda, köplenç, enelerimize sowgat berýärler. Hatda munda biz müşderilerimize «ýüz bir gül» çemenini maslahat berýäris. Munuň özi mähriban enelerimize «güller çemeniniň iň gowusy» diýmegi aňladýar. Şeýle-de uzyn baldakly golland bägüllerine isleg barha artýar. Dostuňa sowgat taýýarlanylanda, esasan hem, ak güllerden çemen berilýär. Söwer ýaryňa sowgat berlende, ýekeje bägül berilýär. Bulardan başga-da gül çemenlerini taýýarlanymyzda, daşary döwletlerden gelen gwozdika, eustoma, liliýa, astrameriýa, hrizantema ýaly üýtgeşik gülleri hem aralaýarys. Garaz, müşderileriň
isleglerine görä gül çemenlerini taýýarlaýarys.
Baýramçylykda otag güllerine hem örän köp isleg bildirilýär. Esasan hem, gülläp duran otag güllerimiz sargyt edilýär. Otag güllerinden dükanymyzda bambuk, geran, aloe, benewşe, fikus, palma ýaly birnäçe güllerimiz hem bar — diýip, gülçi zenan gülleriň ýene birnäçe görnüşleri barada gürrüň berýär.