BIZE YAZYARLAR

Baýramçylyk sowgadymyz bolar

Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminde agaç nahallaryny ýetişdirmegiň agrotehnikasyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Maslahata jemgyýetiň hünärmenleri, bagbanlary we agza bolup durýan tebigaty söýüjiler gatnaşdylar. Olar jemgyýetiniň nahalhanasynda bag ekmegiň agrotehnikasy barada tejribe alyşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş durmagynda güýzki bag ekişlik çäreleriniň guramaçylykly geçirilmeginde jemgiýetiň bagbanlarynyň goşant goşantlary aýdyň duýulýar. Jemgyýetiniň nahalhanasynda ýurdumuzyň toprak, howa şertlerini uýgunlaşan agaç nahallarynyň we hoşwy ysly gülleriň dürli görnüşleriň ( leýli saçlaryň, tutlaryň, tallaryň, tuýalaryň we miweli daraklaryň) müňlerçe şitilleri şeýlede hoşwy ysly gülleriň dürli görnüşleriň müňlerçe düýpleri ýetişdirip, güýzki bag ekişlik çäresiniň öňe syrasynda agza bolup durýan edara guramalaryň,
kärhanalaryň, mekdeplere, saglyk öýlerine, çagalar baglaryna paýlanyp berildi.
Bu bolsa biziň Watan öňündäki mukaddes borjumyzy ýerine ýetirip, Hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýuna mynasyp sowgatlarymyz bolar.
Biz geljekde hem işlerimiziň depginini gowşutman Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden “Tokaý” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amaly edilmegine, Eziz Diýarymyzyň jenneti mekana öwrülmegine goşýan sagdymly goşantlarymyz bolar.

Çeper Jumaýewa                                                                                                                     Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň
Lebap welaýat işgärler bölüminiň hünärmeni

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: