JEMGYÝET

Baýramçylyk söwdalaryna badalga berildi

Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýylyň baýramynyň öňüsyrasynda welaýatymyzyň bazarlarynda, dükanlarynda, söwda merkezlerinde azyklyk önümleriň dürli görnüşleri ilata hödürlenilýär.

Göçme söwdanyň guralan ýerlerinde et, çörek, süýt önümlerinden başga-da türkmen topragynda ýetişdirilýän gök-bakja önümleriniň hem-de miweleriň dürli görnüşleriniň bolmagy alyjylaryň göwünlerine ýaraýar.

Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şu ýylyň 5-nji dekabryndan welaýatyň çäginde 163 ýerde ilata söwda hyzmatlary ýokary derejede guralýar.

Şu günlerde Türkmenabatdaky «Kämil», «Lebap», «Elýeter» ýaly söwda we dynç alyş merkezlerinde baýramçylyk söwdasy has-da şüweleňli barýar. Merkezleriň işgärleri alyjylary hoşamaý garşylaýarlar, olaryň göwünlerini awlaýarlar.