BIZE YAZYARLAR

Baýramçylyk konserti

Bütindünýä çagalary goramagyň güni mynasybetli Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň döredijilik toparlary şowhunly baýramçylyk konsertini gurnady.Konsertiň başynda mekdebiň üflenip çalynýan saz gurallar orkestri görnükli türkmen kompozitory Durdy Nuryýewiň Marş eserini ýerine ýetirdiler. Bu topar ençeme ýyldan bäri mugallym D.Lukiçýowyň ýolbaşçylygynda welaýatda geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär. Soňra mugallym N.Agaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde welaýat bäsleşiginiň ýeňijisi bolan bagşylar topary G.Bäşiýewiň sözlerine mukamçy kompozitor A.Çaryýewiň döreden “Bagşylar” atly aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bagşy okuwçylara mugallym A.Baýlyýew gyjakda sazandarlyk etdi. Dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde bolsa “At çapan” atly türkmen halk sazy ýaňlandy. “Jeýhun” akkordeonçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde dünýä meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Nar agajy” eseri üýtgeşik owazly ýaňlandy. Bu topara ýaş, zehinli mugallym N.Ýoldaşow ýolbaşçylyk edýär. Soňra welaýatymyzyň ähli baýramçylyk dabaralarynyň bezegi bolan “Bagtyýarlyk” skripkaçylar topary, mugallym S.Sardarýanyň ýolbaşçylygynda K.Bomyň “Dynuwsyz hereket” atly eserini ezberlik bilen ýerine ýetirdi. Mugallym D.Umbarowanyň ýolbaşçylyk etmegindäki kanunçylar we çeňçiler toparynyň ýerine ýetiren sazlar çemeni özboluşly owazlara beslenip ýaňlandy. Welaýat bäsleşiginiň Baş baýragynyň eýesi bolan “Älemgoşar’ hor toparynyň K.Sen-Sansyň “Guw” we I.S.Bahyň Skerso eserlerini (hor üçin täzeden işlän R.Nazarowa) zehinli mugallymlar L.Kerimowanyň we F.Muradowyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirmegi konsertiň bezegini has-da artyrdy. Bu topara tejribeli mugallym we hormeýster R.Nazarowa ýolbaşçylyk edýär. Soňra bolsa “Milli saz gurallar” bölüminiň okuwçylaryndan düzülen we mugallym T.Hemraýewiň ýolbaşçylygyndaky plektrli dutarçylar topary “Galkynyş” eserini hyjuwlylyk we duýgurlyk bilen çalmagyň hötdesinden geldiler, olara mugallym A.Ilowa sazandarlyk etdi. “Halk saz gurallar” bölüminiň tejribeli mugallymy bolan I.Şaripowyň 5-nji synp okuwçysy Babaýew D. P.Pisergoniniň “Ýagtylyk we kölege” atly eserini ezberlik bilen ýerine ýetirdi. Soňra konsert “Amul” deprekçiler toparynyň “Gündogar kakuwlary” atly şowhunly çykyşy bilen dowam etdi. Bu topara birnäçe ýyldan bäri tejribeli mugallym Ş.Awliýakulyýew ýolbaşçylyk edýär. Welaýat bäsleşiginiň ýeňijisi bolan mekdebiň halk saz gurallar orkestriniň ýerine ýetirmeginde N.Halmämedowyň “Türkmenistan” simfoniýasynyň “Dutar” atly IV bölümi we plektrli dutarda mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arzuwow D. ýekelikde çalmagynda M.Bafoýewiň “Poema” eserleri ýaňlandy. Bu topara öz kärine wepaly mugallym G.Saparowa üstünlikli ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de mekdebiň ýaş zehinli aýdymçylarynyň aýtmagynda we “Lälezar” toparynyň tans etmegindäki bilelikdäki çykyşy konsertiň şowhunyny has-da artyrdy. Konserti “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar” bölüminiň zehinli mugallymy F.Nazarowyň şägirdi Raşidow R. ksilofon saz guralynda kompozitor G.Rzaýewiň Konsertino eserini ýerine ýetirmegi bilen dowam edip, ony jemlemek mugallym M.Hemraýewanyň ýolbaşçylygyndaky fleýtaçylar toparynyň paýyna düşýär we bu topar kompozitor L.Abreunyň “Tiko-tiko” atly eserini, mugallym N.Zaharýansyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi. Şeýle ajaýyp eserlerden we çykyşlardan düzülen bu dabaranyň soňunda mekdebiň direktory B.A.Ýazmyradow ähli zähmet çeken we okuwçylary taýýarlamakda ýardam beren mugallymlara, okuwçylara we ene-atalara özüniň minnetdarlygyny we hoşallygyny bildirdi.

Jemal REÝIMOWA,
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
ýokary derejeli mugallymy, bölüm müdiri, kompozitor.